logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Ýapon medeniýet işgärlerinden düzülen wekiliýet Lebapda
  12.10.2022
1166
Ýapon medeniýet işgärlerinden düzülen wekiliýet Lebapda

Şu günler Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýatynda dostlukly döwletiň medeniýet işgärlerinden düzülen wekiliýetiň gatnaşmagynda dabaralar guralýar.

10-njy oktýabrda, welaýatyň «Döwrebap» söwda we dynç alyş merkezinde ýapon tagamlarynyň taýýarlanylyşyna bagyşlanan çäre guraldy. Çärede suşi atly ýapon milli tagamynyň taýýarlanylyş usullary dogrusynda söhbet edildi we bu tagam çärä gatnaşýanlara hödür edildi. Soňra welaýatyň merkezindäki medeniýet öýünde ýapon kinofilmleriniň görkezilişi boldy. Çeper filmleriň görkezilişine türkmenabatlylar we şäheriň köpsanly myhmanlary gatnaşdylar.

Myhmanlar Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdepde myhmançylykda boldular.