logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Sports /XIV Uniwersiadanyň ýeňijileri sylaglandy
  16.05.2025
1100
XIV Uniwersiadanyň ýeňijileri sylaglandy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda geçirilen XIV Uniwersiadanyň esasy ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu barada TBM-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.

 

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu sport ýaryşy diňe bir bäsdeşlik ruhuny däl, eýsem, dostlugy, agzybirligi, parahatçylygy hem-de sporta bolan söýgini dabaralandyrdy. Ýaryşda ýeňiji bolan türgenleriň arasynda halkara derejesinde çykyş edip biljek zehinleriň bardygy buýsanç bilen garşy alynýar. Şeýle zehinleriň ýüze çykarylmagy we olaryň ösüşine mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň sport ulgamyndaky üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr.

 

Sport ýaryşlarynyň dowamynda geçirilen sylaglamak dabarasy sportuň ýaşlary birleşdirýän, maksada okgunly bolmaga, zähmete yhlas bilen çemeleşmäge we adalatly bäsdeşlige ruhlandyrýan güýçli täsirini görkezdi. Sport jemgyýetimiziň ruhy sütünleriniň biri hökmünde ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar we ýeňşe bolan ynamy artdyrýar. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen geçirilen bu sport ýaryşynyň jemleri aşakdaky görnüşde beýan edilýär:

 

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda:

1-nji orun - Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary

2-nji orun - Daşoguz welaýatynyň ýygyndy topary

3-nji orun - Ahal welaýatynyň ýygyndy topary

 

Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda:

1-nji orun - S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary

2-nji orun - Aşgabat syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary

3-nji orun - Aşgabat mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary

 

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda:

1-nji orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary

2-nji orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýygyndy topary

3-nji orun - Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýygyndy topary

 

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda:

1-nji orun - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary

2-nji orun - Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndy topary

3-nji orun - Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýygyndy topary

 

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda:

1-nji orun - Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýygyndy topary

2-nji orun - Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary

3-nji orun - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

 

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda:

1-nji orun - Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary

2-nji orun - Lebap welaýatynyň ýygyndy topary

3-nji orun - Ahal welaýatynyň ýygyndy topary