Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Watany söýmek bagtdyr!
  02.10.2020
1039
Watany söýmek bagtdyr!

       Watan beýikligi onuň ähli raýatlarynyň Watan üçin çekýän zähmetinden, goşandyndan başlanýar. Her bir adam, her bir Watan goragçysy mukaddes Watançylyk kasamyny, döwlet senasyny, harby kasamy ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmelidir. Watan söýgüsi, onuň öňündäki mukaddes borjuň, wyždan päkligi bu üç mukaddeslik bir-biri bilen üznüksiz baglanşyklydyr. Sebäbi Watany söýmek üçin Watan öňünde berjaý etmeli borjuň bardygyna akyl ýetirmeli. Ene toprak öňündäki mukaddes borjuňy saňa ýatladýan we kalbyňa aralaşdyrýan bolsa päk wyždanyňdyr. Eýsem Watana bolan söýgi nähili bolmaly? Watan söýgüsiniň päk ene söýgüsine deňelmegi ýöne ýere däl bolsa gerek. Sebäbi dünýäde adamyň enesine bolan söýgüsinden päk söýgi ýokdyr. Mähriban enesini söýişi ýaly Watanyny söýüp bilýän adam bu dünýädäki iň bagtly adamdyr. Sebäbi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belläp geçişi ýaly „Watany halky söýmek, Garaşsyzlyga guwanmak bagtdyr.“ Watana bolan söýgüňi „Söýýän, söýýän“ diýip jar etmegiň geregi ýok. Öz dogduk diýaryňa bolan wepaňy bir käriň başyna geçip, yhlas bilen işläp onuň ösüşine goşant goşmak bilen subut edilýär. Her bir adam Watana bolan söýgüsini öz hereketleri we çekýän halal zähmeti bilen görkezmelidir hem-de il-güne görelde bolmalydyr. Şahyr döreden eserleri bilen, daýhan mele toprakdan öndüren hasyly bilen, Watan gullukçysy bolsa Watan goragynda berk durmagy bilen öz Watanyna hyzmat edýär. Her bir eden nädogry, galat işimiziň ýurdumyzyň ösüşini yza çekýändigini, dogry hereketlerimiz arkaly bolsa onuň has-hem pajarlap ösmegine goşant goşýandygymyza ýurduň her pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň şeýle-de mukaddes Watan goragynda duran merdana türkmen ýigitleriniň akyl ýetirmegi zerurdyr. Dünýä ýaň salan ägirtleriň yz goýan bu topragyny goraýan her bir Watan goragçysy Watan öňündäki borjuna jogapkärli çemeleşmelidir we ony doly berjaý etmelidir. Serkerdeleriň her bir öwredýän zadyny doly özleşdirmek, özüni ruhy hem-de beden taýdan kämilleşdirmek, ýaraglary we harby tehnikalary öwrenmek arkaly her bir Watan goragçysy ýurdumyzyň berkemegine goşant goşýar. Sebäbi jemgyýet şahsyýetden başlanýar. Şahsy kämillik jemgyýetiň aňynyň ösmegine eltýär. Kämil jemgyýet bolsa ýurduň ösmeginde iň wajyp orny eýeleýär. Şonuň üçin her bir adamyň Watan öňündäki borjuna akyl ýetirmegi üçin wyždanynyň päk bolmagy zerurdyr. Päk wyždan bolsa durmuşda dogrulyga, halallyga ymtylmak arkaly mümkindir. Adam öz wyždanyny päk tutmak bilen diňe bir öz ruhy dünýäsini baýlaşdyrman eýsem, her bir ädiminde göbek ganynyň daman ýerine bolan borjuny ýerine ýetirýär.