Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Watan
  12.11.2019
614
Watan

    Watan mukaddesdir. Watany goramak bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Watan öňündäki gulluk borjuňy bir kemsiz, abraý bilen berjaý edip öz mähriban ojagyňa dolanyp barmak bolsa, bagt diýip aýdyp biljek. Çünki her bir ene-ata öz perzendini harby gulluga ugradanda, onuň sag-salamat dolanyp gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Onsoň özüniň Watan öňündäki gulluk borjuny bir kemsiz tamamlap yzyna dolanyp gelen esger ogluny garşy alan ene-atanyň başy gök direýär.Nurly Günüň tylla şöhleleriniň astynda, bereketli güýz paslynyň dowamlylygynda serhet gullugynyň hatarynda hem, harby gullugy tamamlan serhetçi esgerleriň ätiýaçlyga goýberliş dabarasy geçirilip dur. Biz merdana esger ýigitler hem Hormatly Belent Serkerdebaşymyza, mähriban halkymyza hem-de eden kasamymyza ygrarly bolup, Watan öňündäki mukaddes borjumyzy hakladyk, dost-doganlyk serhetlerimiziň ygtybarly goragyna özümiziň mynasyp goşandymyzy goşduk. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen döwrebap serhet galalarda gulluk etdik. Ene topragymyzyň dagdyr-düzlerinde, derýadyr-deňizlerinde, mukaddes serhetlerimizde sak durup serhetçi adyny hakladyk. Harby gullugymyzyň dowamynda alan tejribelerimizi özümizden kiçi çagyryşdaky esger ýoldaşlarymyza bilen paýlaşdyk hem-de ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň şaýady bolduk. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň biz merdana serhetçilere döwlet araçäklerimiziň ygtybarly goragynda netijeli peýdalanmak maksady bilen,  7 sany alabaý itiniň güjüjügini sowgat bermegi, biz üçin ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi.

                 Ajaýyp ýatlamalara beslenen harby gullugyny tamamlap esger ýigit öz mähriban öýüne dolanyp barýar. Eziz obaň, mähriban maşgalaň saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Iki ýyldan soňra öz dogduk obaňa gaýdyp gelmek neneňsi oňat. Ine onsoň Watan öňündäki gulluk borjuny uly üstinlikler bilen tamamlap öz mähriban öýüne dolanyp gelen ogluny görüp mähriban eje neneň begenmesin, esger geýimindäki ýigidi bagryna basanda gadyrdan kakaň neneň buýsanmasyn? Elbetde, gursaklary buýsançdan dolan mähriban ejeň hem kakaň asmana guş bolup uçar.

             Şatlan ejejan, ýylgyr çünki bu gün seniň ogluň geldi, ol siziň beýik ynamňyzy ödedi. Seniň gadyrdan ogluň Watan duzuny haklap dolanyp geldi:

Ýylgyr eje, seniň arzuwyň wysal,

Watan goragyndan ogluň gelipdir.

Ýylgyr, perzendiňden bolup sen hoşal,

Watan duzun haklap ogluň gelipdir.

***

Ýazyň bu gün, giňden toý saçagyny,

Gulluk borjun dynyp ogluň gelipdir.

Çagyryň dost-ýary myhman baryny,

Uly gadam bilen ogluň gelipdir.

 

         Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwründe ajaýyp diýarmyzyň her bir güni toý dabaralara beslenýär, türkmen toýlary toýa ulaşýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen türkmen halky bol elin erkana durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajap döwri-döwranly, toýly-baýramly diýarda ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin  Hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp-köp sag bolsun aýtýarys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!!!