Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda taryhyň gatlarynda özüniň medeni gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşup gelen halkdyr. Türkmen halysy hem şol gymmatlyklaryň naýbaşysydyr. Çünki türkmen durmuşynyň hiç bir pursadyny haly önümsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çeper elli zenanlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan halylar türkmeniň ak öýüniň, ýigidiň uçar ganaty bolan bedewleriň, gelin kejebesiniň bezeg-zynatydyr. Haly türkmen üçin düşek, öý goş, şol sanda ruhy baýlyk hem bezegdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Türkmen medeniýeti», «Arşyň nepisligi» we beýleki eserlerinde halylarymyz baradaky gymmatly maglumatlary ylmy esasda beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz «Janly rowaýat» kitabynda her nagyş, her bir usul, her bir ýol hakynda, olaryň gelip çykyşlary, gadymyýete siňip gidýän kökleri, dürli reňkleriň alnyşy barada-da täsirli gürrüň edýär. Halynyň owadanlygyna, ajaýyp röwüş berýän dürli reňkleriniň tebigy ot-çöplerden alnyşy, olaryň hem hersiniň aýratyn manysynyň bolmagy millilikden nyşan. Gözüň ýagyny iýip barýan ýiti reňkleriň alnyşy bilen tanyş bolanymyzda, mukaddes topragymyzda bitýän ot-çöpleriň hersiniň uly ähmiýetiniň bardygyna hem guwanýarsyň.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halylarymyz durmuşda dürli maksatlar üçin giňden peýdalanylypdyr. Çuwallar, horjunlar, torbalar geýim saklamak, goş-golamlary daşamak üçin ulanylsa, eňsiler, gapylyklar ak öýleri bezemek üçin niýetlenilipdir. Haly önümleriniň örän köp görnüşi türkmeniň mukaddes ojagy, agzybirligiň, rysgal-berekediň, bagtyýarlygyň nyşany hasaplanylýan ak öýleriň zynat bezeginde jemlenendir. Ak öýlerimiziň haly bezegleri türkmen zenanynyň başarjaňlygyny, aň kämilligini, gözel ruhy dünýäsini açyp görkezýär. Halk arasynda «Ilki öýüňi beze, soň boýuňy!» diýlen paýhasly söz türkmeniň durmuş ýörelgesinden gözbaş alypdyr.
Ene-mamalarymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesillerden-nesillere geçirip, täzelerini döredip şu günlerimize ýetiripdirler. Her bir çitimine tükeniksiz yhlas siňdirilen haly we haly önümlerini taýsyz sungat derejesine çykarypdyrlar. Zenanlarymyz türkmen tebigatynyň gözelligine bolan söýgüsini, al-ýaşyl güllere çalymdaş beslenen dag-düzüni ajaýyp göller arkaly beýan edipdirler. Haly halkyň arzuw-umytlarynyň, inçe duýgularynyň älemgoşar ýaly öwüşgin salýan lälesidir. Ol adaty bir senetçilik däl-de, reňkleriň dili bilen ýazylan ýürek ýazgysydyr, ajaýyp sungat eserleridir.
Goý, milli medeni mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmäge hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň il-halk bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
Mährijemal ANYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen
7-nji orta mekdebiniň mugallymy.