logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Usuly okuw maslahaty
  31.08.2019
1244
Usuly okuw maslahaty

    Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap-şäher birleşmeleriniň başlyklarynyň hem-de ilkinji guramalarynyň başlyklarydyr gaznaçylarynyň gatnaşmaklarynda usuly okuw maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi gurady.

    «Arkadagly Watanda her günümiz rowandyr» ady bilen geçirilen maslahatlary hormatly Prezidentimiziň Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alnyp täsirli çykyşlar boldy. Onda çykyş edenler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Tertipnamasyndan, Düzgünnamasyndan gelip çykýan kadalary we düzgünleri durmuşa geçirmegiň ýolunda alnyp barylýan işler dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi.

  Hünärmenler Türkmenistande hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek, kanunlara girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler, kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklary barada giňişleýin aýdylyň, şolar dogrusynda özara pikir alşyldy. Onda okuw maslahata gatnaşyjylar bilen özara soawal-jogap alyşmalar boldy.