logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Ussadyňy hormatlamak ýörelgesi
  11.11.2022
1623
Ussadyňy hormatlamak ýörelgesi

Ussat – bu öz işine ökde hem ezber, halypalyga ýetişen ynsandyr. Çyn ussatlar baky ýaşaýandyr, çünki olaryň döreden, ýazan ýa-da bejeren zatlary, salan ymaratlary ebedi bolup, geljek nesillere ýadygär galýar. Ussat halypalaryň asylly başlangyjyny bolsa şägirtleri dowam etdirýärler, ony has hem kämilleşdirýärler. Ussadyň kesbini dowam eýläp, ony kämilleşdirmek, olaryň sylag-sarpasynyň belentde görülýändigine şaýatlyk edýär. Halkymyzyň arasynda «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter» diýilýär. Şägirt halypadan ozdursa hem ussadyň hormat-sylagyny saklamak ýokary adamkärçilikden nyşandyr. Islendik ýetginjegiň ilkinji halypasy onuň ata-enesidir, sebäbi adamzat dünýä inenden soň, ilkinji görüm-göreldäni maşgalada ata‑eneden öwrenýär. Mekdep ýaşyna ýetenden soň bolsa, mugallymlaryň, terbiýeçileriň ýolbaşçylygynda maşgalada öwrenen zatlaryny has çuňlaşdyrýarlar. Asylly häsiýetleri özünde jemleýän her bir adam ata-enesine, özüniň halypasy hökmünde mugallymyna uly sarpa goýmalydyr, olary hemişe ýagşylykda ýatlamalydyr. we baýlaşdyrýarlar. Ata-enäniň görüm-göreldesi, mugallymyň bilim-terbiýesi ýaş nesliň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine mümkinçilik döredýär. Lukman Hekim hem özüne bilim-terbiýe beren mollalaryna uly hormat goýupdyr, özünden soňky nesillere «Ussadyňy ataňdan hem eziz gör, ony hormatla» diýip, wesýet edipdir. Azady, Magtymguly, Nowaýy, Kemine, Zelili, Seýdi, Mollanepes ýaly beýik danalarymyz ylym babatynda özlerine bilim beren mollalaryndan has sowatly bolup ýetişipdirler. Bagbanyň öz eken daragtynyň gün-günden boý alyp ösüşine guwanyşy ýaly, ussat hem öz şägirdiniň edepliligine, ilhalar adam bolup ýetişmegine umyt baglap begenýändir.

Berkarar Watanymyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Bu asylly ýörelge ýaş nesilleriň kalbynda adamkärçiligiň, sylag-hormatyň belent nusgasyny kemala getirmekde ruhy güýç bolup hyzmat edýär.

 

Batyr ATDAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.