logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Üns beriň, döredijilik bäsleşigi!
  20.03.2023
1242
Üns beriň, döredijilik bäsleşigi!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ganatly bedewlerimiz — milli buýsanjymyz!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. 

Döredijilik bäsleşigine türkmen bedewlerini wasp edýän, olara mahsus bolan häsiýetleri açyp görkezýän goşgular, poemalar, makalalar, hekaýalar hödürlenilýär. Bäsleşige hödürleniljek poemalaryň, makalalaryň, hekaýalaryň möçberi üç sahypadan geçmeli däl.

Bäsleşige gatnaşyjylar eserleri bilen özleri hakyndaky maglumatlary (familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri we fotosuraty) «doredijilikmedeniyet@sanly.tm» elektron salga ibermeli.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän eserler 2023-nji ýylyň 10-njy apreline çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň Düzgünnamasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm resmi websaýtynda ýerleşdirilýär.