Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ The Land of the Turkmen ✦ ✦ Apofis asteroidiniň Ýere golaý aralykdan geçmegine garaşylýar ✦ ✦ OIOIUS — 2024: II Açyk halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi ✦ ✦ Türkmen seýisçilik sungaty ✦ ✦ Türkmen talyplary «SEEMOUS-2024» 18-nji Halkara olimpiadasynda 17 medal gazandy ✦ ✦ Tejen etrabynda küşt we şaşka boýunça sport ýaryşy geçirildi ✦ ✦ "Galkan" 13:1 "Ice box" ✦ ✦ 2024-nji ýyl üçin Türkiýede geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara sergileriň sanawy bilen tanyş boluň! ✦ ✦ Bedewleriň behişdi dünýäsine syýahat ✦ ✦ Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ilkinji duşuşyklary geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
  02.06.2023
504
ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda yglan eden «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň 

DÜZ­GÜN­NA­MA­SY 


Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere eýe bolýar. Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, beýleki ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözlerinden, bagtyýar geljegiň eýeleri bolan döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalaryndan ugur alyp geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, kämilleşdirýän terjimeçilik sungatyny ösdürmekden, terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan we ýetişdirmekden ybaratdyr.  

Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi: 

– Ýaş terjimeçi dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgularyndan bir parçany (4-5 sahypadan az bolmadyk möçberde) türkmen diline terjime edip, 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.

– Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Köňülleri birleşdirýän sungat» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgilerini) «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň dunyaedebiyaty@sanly.tm elektron salgysyna ugradyp bilerler.

– Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin, guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär, şeýle hem has tapawutly terjime edilen eserler «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediler.

– Bäsleşigiň jemleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler. 

Habarlaşmak üçin,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy: 39-96-16, 39-96-21, 39-96-22.