logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Uçurymlar «Ah söýgi, söýgi!» atly kinofilmi surata düşürýärler
  13.04.2023
845
Uçurymlar «Ah söýgi, söýgi!» atly kinofilmi surata düşürýärler

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň geljekki uçurymlary «Ah söýgi, söýgi!» atly kinofilmi surata düşürýärler. Bu kinofilmiň režissýory institutyň mugallymy Çaryýar Seýidow bolup, film «Mekan» telekeçilik kinostudiýasynda surata düşürilýär we ol 27-nji iýunda, Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýeti güni görkeziler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakulteti 1993-nji ýylda döredildi. Onda Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri we tejribeli mugallymlar sapak berýärler.

Institut işläp gelýän döwründe telegepleşikleri alyp baryjylar, režissýorlar, tele we kinooperatorlar, ses režissýorlary we yşyk hünärmenleri ýaly ussat sungat işgärlerini taýýarlady.