logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /TÜRKSOÝ-yň ýazyjylar bileleşigi döredildi
  10.03.2023
905
TÜRKSOÝ-yň ýazyjylar bileleşigi döredildi

Golaýda, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşiginiň guramaçylyk ýygnagy geçirildi. Guramaçylyk ýygnagyna Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň halkara gatnaşyklar boýunça sekretary Salim Babullaoglu, Gazagystanyň Ýazyjylar birleşiginiň ýolbaşçysy Ulugbek Esdaulet, Gyrgyzystanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Nurlanbek Kalibekow, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Sirojiddin Saýýid, Türkiýäniň Ýazyjylar birleşiginiň Direktorlar geňeşiniň agzasy Mahmut Erdemir hem-de Ýewraziýa Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömeroglu gatnaşdy.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Ýazyjylar birleşiginiň başlygyny saýlamak bilen bagly guramaçylyk meselelerine hem seredildi. Netijede, Gazagystan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ulugbek Esdaulet, şol bir wagtda TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşiginiň hem başlygy wezipesine saýlanyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşiginiň maksady türki dünýäsinde edebi gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşiginiň ilkinji ýygnagy şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Özbegistanyň Nowai şäherinde geçiriler. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.