logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi
  20.12.2023
634
TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi

Ýaňy ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeni guramasynyň (ÝUNESKO) Pariždäki baş edarasynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

 

 

Çäre Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy. Şeýle hem 1500-den gowrak tomaşaçy gatnaşan konserte 7 ýurtdan 70 töweregi suratkeş gatnaşdy.

 

 

Konserte TÜRKSOÝ Baş sekretarynyň orunbasary, ÝUNESKO-nyň 42-nji umumy konferensiýasynyň prezidenti Simona-Mirela Mikulesku, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň daşary aragatnaşyklar boýunça orunbasary Entoni Kwaku Ohemeng-Boama, Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, şeýle-de TÜRKSOÝ-a gatnaşyjy döwletleriň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hemişelik wekilleri we ilçileri gatnaşdylar.

 

 

2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň dowamynda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi.

 

 

Oguljeren ÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy.