logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Samarkantda duşuşar
  14.09.2022
940
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Samarkantda duşuşar

15-16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Forumyň çäklerinde daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

 

Bu halkara forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ikiçäk gepleşikleri geçirer. Iki döwletiň Döwlet Baştutanlary türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sowallar boýunça pikir alşylar.

 

 

Belläp geçsek, Samarkant şäherinde geçiriljek sammite Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza bolan Russiýanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň Prezidentleri, Hindistanyň, Pakistanyň Premýer-ministrleri, gurama synçy döwletler bolan Belarusyň, Eýranyň, Mongoliýanyň Prezidentleri, şeýle-de sammite hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň Prezidentleri we Ermenistanyň Premýer-ministri gatnaşarlar.