logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Türkmenistanyň we Gazagystanyň milli ýygyndylary ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
  10.03.2024
616
Türkmenistanyň we Gazagystanyň milli ýygyndylary ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary 11-nji martdan 12-sine geçilýän gije okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Dubaý (BAE) şäherine tarap ýola düşer.

 

 

Magomed Adiýewiň ýolbaşçylygyndaky Gazagystanyň milli ýygyndy topary hem ýakyn günlerde Dubaýda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başlaýar. Ýygyndynyň şeýle türgenleşikleri geçmek bilen, baş maksady «Ýewro – 2024-iň» saýlama tapgyrynyň pleý-off böleginde Gresiýanyň garşysyna geçiriljek duşuşyga taýýarlanmakdan ybaratdyr.

 

 

Toparyň şol jogapkärli oýna görýän taýýarlygynyň möhüm tapgyry Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen 14-nji martda geçirjek ýoldaşlyk duşuşygy bolar.

 

 

Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi ýygyndy toparyň öňde boljak okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de Dünýä çempionaty – 2026-nyň çäginde 21-nji we 26-njy martda Eýranyň futbol ýygyndysynyň garşysyna geçiriljek saýlama duşuşygyna gatnaşjak düzümini ýakyn günlerde yglan eder.

 

Döwran ANNAMYRADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.