logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Pemany
  27.05.2022
1148
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Pemany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arzygül Durdymuhammedowna Kakabaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Aýgözel Nurmämmedowna Esenowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Täjigül Nurmämmedowna Ýagmyrowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň Balkanabat bölüminiň önümhana halyçysy Jumagül Saparmämmedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Ýazgül Begbaýewna Söýegowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Agabeg Amanowna Hudaýberenowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Gülnara Çaryýewna Rezwanowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Dünýägözel Rejepgulyýewna Ýalkapowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aknabat Çarýardurdyýewna Mahramowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Ogulmurat Güýçgeldiýewna Kullyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Ogulgözel Imamkulyýewa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 26-njy maýy.