logo

Soňky täzelikler:
✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary
  12.05.2022
1293
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary

Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Hazar deňziniň sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we bu ugurda degişli döwlet edaralarynyň işgärlerini okatmak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 16 — 27-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzi institutynyň we Halkara ummanlar institutynyň hyzmatdaşlyk etmeginde “Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahatlaryny geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Hazar deňzi institutyna halkara okuw maslahatlarynyň talabalaýyk guralmagyny hem-de geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

TDH.