Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Sapargylyjewiç Amannazarow, şol bir wagtda:
— Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik wekili;
— Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili;
— Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy;
— Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama guramasynyň (Wena şäheri, Awstriýa Respublikasy) taýýarlaýyş toparynyň ýanyndaky wekili;
— Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili wezipelerine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Toýgeldi Baýrammyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine 2309 tonna dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “KING EASE LIMITED” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
* * *
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, umumydöwlet, pudaklaýyn we sebitleýin ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmek, býujet işine öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak we býujeti düzmegiň döwrebap usulyna geçmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi hem-de toparyň düzümi we Türkmenistanda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda býujet ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, beýleki degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri meýilnamada bellenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.
* * *
“Aragatnaşyk hakynda” hem-de “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, ýurdumyzda döwrebap, halkara standartlara laýyk gelýän milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň mundan beýläk-de sanyny köpeltmek, ulanylyşyny giňeltmek we Türkmenistanda işlenip taýýarlanandygyny tassyklamak, şeýle hem milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň, olary işläp taýýarlaýjylaryň we olara eýelik etmek hukugy bolanlaryň Döwlet sanawlaryny ýöretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
— Milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakyndaky Düzgünnama;
— Milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.