logo

Soňky täzelikler:
✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi
  21.11.2022
1030
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň uçary Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Belent mertebeli türkmen myhmanyny BAE-niň degişli wekili, şeýle-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Soňra howa menziliniň «Prezident» terminalynyň hormatly myhmanlar zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda giňeldilen hem-de ikiçäk düzümde türkmen-emirlikler gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklar tamamlanandan soňra alşyljak ikitaraplaýyn resminamalar bolsa döwletara gatnaşyklarda ozal hereket edýän ylalaşyklaryň 60-dan gowragynyň üstüni ýetirer. Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň beýleki resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.