logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti dürli kysymly harby deňiz  gämileriniň dabaraly ýörişini synlady
  11.08.2022
1168
Türkmenistanyň Prezidenti dürli kysymly harby deňiz  gämileriniň dabaraly ýörişini synlady

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow, “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşlygyndan soň dabaraly harby-deňiz ýörişini synlady. Dabaraly harby-deňiz ýörişinde Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Olar ýurdumyzyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek ugrunda eserdeň durýarlar.

Harby-deňiz ýörişinde, “Arkadag” atly serhet gorag kateri, “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri, “Eserdeň” atly tirkeg-üpjünçilik gämisi, “Galkan” taslamaly “Algyr” we “Hanjar” gorag gämileri, “Asuda”, “Mergen”, “Hüşgär” we “Synmaz” serhet gorag gämileri, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň garamagyndaky “Sakçy” taslamaly “Naýza”, “Kämil”, “Galjaň” we “Gaplaň” gämileri, “Umman” gidrografik gämisi, “Gujurly” we Döwlet serhet gullugynyň “Zarply” tirkeg gämileri, “Berkarar” atly desant kateri, “Asuda” atly gidrografik gämi, Döwlet serhet gullugynyň “TG-12 Bars” taslamaly üç sany serhet gorag kateri, Içeri işler ministrliginiň deňizde gözegçilik gullugyny ýerine ýetirýän “Master-651” kysymly dört patrul kateri, Milli howpsuzlyk ministrliginiň “Zodiac” kysymly çalt hereket edýän söweşjeň gaýyklary, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň “Dahl 20” kysymly asma motorly söweş gaýyklary görkezildi.