logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny harby we ýörite atlar bilen sylaglady
  29.09.2022
939
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny harby we ýörite atlar bilen sylaglady

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda» Permana gol çekdi.


Şu mynasybetli 28-nji sentýabrda «Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy.


Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow:

  • Milli howpsuzlyk ministri, polkownik G.Annaýewi Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglady.
  • Içeri işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi M.Hydyrowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakdy.
  • Baş prokuror, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini berdi.