logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  17.10.2022
863
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de giňeldilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlarda birek-birege goldaw berýändiklerini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.