logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň içeri işler ministrine käýinç yglan edildi
  31.07.2022
1110
Türkmenistanyň içeri işler ministrine käýinç yglan edildi

30-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri Hydyrow Muhammet Allamyradowiçe käýinç yglan edildi.