logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Türkmenistanyň himiýa senagatyň ekologik ähmiýeti
  06.11.2023
805
Türkmenistanyň himiýa senagatyň ekologik ähmiýeti

Talap edijilik düzgün, başgaça aýdanymyzda, jemgyýetiň ýaşaýyşynyň esasy bolup durýan tebigy – maddy şerti hakykytdanam tükenip barýanlygyny, şu günki gün suwut etmek kyn däl. Adamzadyň ХХ asyrdaky işjeň döredijiliginiň netijesi bolup durýan biosferada ýüze çykan üýtgeşmeler (Ýer ýüzüniň temperaturasynyň ýokarlanmagy, suwuň, howanyň we topragyň global hapalanmagy, planetanyň çölleşmegi, Dünýä okeanynyň hapalanmagy, ozon gatlagynyň bozulmagy) hemmä belli bolsa gerek. Şonyň üçin tebigatdan peýdalanmagyň döwüre bap konsepsiýalary adamyň we tebigatyň arabaglanşyk şertleriniň mylaýym amatly utgaşdyrma düzgünlerine esaslanmalydyr.

 


“Adam – tebigat” ulgamynyň berk arabaglanşyklaryny oňaýly we sazlaşykly utgaşdyrmak üçin biosferanyň ähli komponentlerine şu günki güne çenli ýetirilen antropogen täsiriniň netijelerini düzetmeklik we geljekde tebigat bilen baglanşykly bolan her bir işi ylymly-bilimli düzgünlere esaslanyp uly jogapkärçilik bilen seretmeklik, olaryň daş töwerege ýetirip biljek ýaramaz taraplarynyň öňüni almak örän zerur bolup durýar. Şol babatda her bir adamyň ekologiki taýdan aňly-düşünjeli bolmagy zerurdyr. Ekologiýa - bu organizmleriň ýa-da organizm toparlarynyň bir- birleri arasyndaky aragatnaşygy we olaryň ýaşaýan gurşawuny öwrenýän ylym ýa-da daş töweregiň janly organizmleriň we beýleki elementleriň arasyndaky arabaglanşygy öwrenýän ylym.

 

 

Ekologiýanyň başgada kesgitlemeleri bardyr, olarda onuň meseleleri görkezilendir. Meselem ekologiýa adamyň täsiri bilen girizilen üýtgeşmeleri hasaba almak bilen organizmleriň ýaşaýan tebigy gurşawdaky olaryň ýaşaýyş işjeňlikleriniň kanunalaýyk -lyklaryny öwrenýän ylymdyr.  ̋Ekologiýa ̋ adalgasy  ̋oýkos ̋ - öý, ýasalýan ýer we  ̋logos ̋ - ylym diýen iki grek sözünden emele gelýär.

 


Aýna ÇARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.