logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistanyň gümrük wekilleri Warşawadaky halkara seminara gatnaşdy
  23.09.2026
67
Türkmenistanyň gümrük wekilleri Warşawadaky halkara seminara gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 7–9-njy sentýabrda Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen gümrük dolandyryşy boýunça halkara seminara gatnaşdylar. Duşuşyk Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa, Gara deňiz sebiti we Günorta Kawkaz ýurtlarynyň arasynda ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, şeýle hem halkara ulag ugurlaryndaky päsgelçilikleri azaltmak meselelerine bagyşlandy.

 

Halkara bilermenler duşuşygy Ýewropa Komissiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) we Polşanyň Milli salgyt administrasiýasy tarapyndan guraldy. Çärä 15 ýurduň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň degişli ugur boýunça hünärmenleri hem-de Hazarüsti ulag geçelgesiniň (Orta geçelgäniň) mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işleýän BMG-niň düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 

Seminarda esasy üns serhet gözegçiligini sanlylaşdyrmak, gümrük amallaryny standartlaşdyrmak we ulag akymlaryny ýeňilleşdirmek meselelerine gönükdirildi. Gatnaşyjylar Bütindünýä Gümrük Guramasynyň halkara standartlaryny ornaşdyrmak, milli «Bitewi penjire» (Single Window) ulgamlaryny özara baglanyşdyrmak hem-de eTIR sanly üstaşyr ulgamyny ulanmak boýunça tejribeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Duşuşykda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlaryna hem aýratyn üns berildi. Bu ulgamlar howpsuzlyk talaplaryny saklamak bilen bir hatarda, ygtybarly daşaýjylar üçin «ýaşyl geçelge» arkaly has çalt hyzmatlardan peýdalanmaga şert döredýär.

 

Seminaryň amaly bölüminiň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Polşanyň gümrük edaralarynyň sanly infrastrukturasynyň, döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň, ykjam barlag toparlarynyň we uly göwrümli ýükleri gözden geçirmek üçin ulanylýan stasionar skaner toplumlarynyň işi bilen tanyşdy. Şeýle hem türkmen wekilleri Warşawanyň Gümrük müdirligine baryp, halkara ýükleri hakyky wagt tertibinde resmileşdirmek boýunça ulanylýan usullar bilen tanyş boldular.

 

Warşawadaky üç günlük duşuşygyň esasy netijeleriniň biri Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr gatnawlarda infrastruktura we dolandyryş päsgelçiliklerini azaltmaga gönükdirilen teklipleriň işlenip taýýarlanmagy boldy.

 

Rahymberdi AMANALYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.