Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy futbol topary (U17) Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda üstünlikli çykyş edip, bürünç medala eýe boldy. Olar üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan üstün çykdylar.
Bäsleşige jemi 6 ýurt gatnaşyp, toparlaýyn tapgyrlarda güýç synanyşdy. Türkmenistanyň ýygyndysy “B” toparçada çykyş edip, ilkinji oýnunda Owganystanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ikinji oýunda bolsa Täjigistan bilen duşuşyp, 1:4 hasabynda utuldy. Netijede, 3 utuk bilen toparçada ikinji orny eýeledi.
Gyrgyzystanyň ýygyndysy bolsa “A” toparçada çykyş edip, Eýran bilen duşuşykda 4:3 hasabynda ýeňiş gazandy. Soňra Özbegistanyň ýygyndysyna 1:5 hasabynda utuldy. Şeýlelikde, 3 utuk bilen olar hem toparçasynda ikinji orna çykdylar.
Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda esasy wagtyň dowamynda taraplar hasap açyp bilmedi — 0:0. Şonuň üçin ýeňijini anyklamak üçin 11 metrlik jerime urgulary ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň derwezebany Azym Abaýew ilkinji urgyny saklap, duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýen ada mynasyp boldy.
Ilkinji bäş urguda hem iki topar oýunçylary jerime urgularyny dürs ýerine ýetirdiler. Şondan soň türkmen futbolçysynyň urgusy garşydaş derwezeban tarapyndan saklandy. Oýun goşmaça tapgyrlara geçdi. Üçünji goşmaça tapgyrda Azym Abaýew ýene bir gezek üstünlikli çykyş edip, topy saklamagy başardy. Netijede, Türkmenistanyň ýygyndysy 7:6 hasabynda ýeňiş gazandy.
Bu ýeňiş bilen türkmen ýetginjekleri CAFA çempionatynda taryhynda ilkinji gezek bürünç medal gazanmagy başardylar. Bu üstünlik toparyň baş tälimçisi Ahmet Allaberdiýewiň ýolbaşçylygynda gazanyldy.