logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
  14.12.2022
1060
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýokary derejedäki üçtaraplaýyn gepleşikleriň öňýanynda geçirilen duşuşygyň dowamynda üç döwletiň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşy, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Birinji sammite biziň döwletlerimiz ýeterlik derejedäki hyzmatdaşlygyň tejribesi bilen geldiler. Häzirki wagtda taraplar dürli derejedäki ýygjam gatnaşyklaryň netijesinde gepleşikleri hil taýdan täze, döwrüň anyk ýagdaýlary bilen şertlendirilen derejä çykarmagyň zerurlygyndan ugur alyp, öz gatnaşyklaryny milli hem-de umumy bähbitleriň sazlaşmagynda ýol goýýarlar.

Şunda syýasy-diplomatik gurallarynyň ulanylmagyna möhüm orun berilýär. Şol gurallary duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, işjeňleşdirip hem-de güýçlendirip, duşuşyklara ulgamlaýyn häsiýet bermelidir.

Şunuň bilen baglylykda, üç ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek barada birnäçe netijeli teklipler beýan edildi. Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hem-de ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyk we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan oňyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam eder. 

 

«Türkmenistan Altyn asyr»