logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Culture /Türkmenistanly kompozitor bütinrussiýa saz bäsleşiginde üstünlik gazandy
  04.04.2022
1246
Türkmenistanly kompozitor bütinrussiýa saz bäsleşiginde üstünlik gazandy

Türkmenistanly kompozitor Merdan Bäşimow ýaş kompozitorlaryň arasynda geçirilýän bütinrussiýa saz bäsleşiginde «Estrado-simfoniki saz» ugry boýunça ýeňiş gazandy.

Aýdym-saz ugry boýunça geçirilen bäsleşik saz döretmek sungatynyň 8 ugry boýunça geçirildi. Bäsleşikde ýaş kompozitorlaryň 800-si öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňijiler 200 müň rubl bilen sylaglandylar.

Ýeňijileri rus we daşary ýurt aýdym-saz ussatlary kesgitlediler. Olaryň arasynda Ýuriý Başmet, Alekseý Rybnikow, Fabio Mastrandjelo, Maksim Dunaýewskiý, Dmitriý Bertman, Igor Butman, Mihail Granowskiý, Ýuriý Poteýenko, Aleksandr Sokolow, Raşid Kalimullin, Iwan Burlýaýew, Wera Tariwerdiýew, Lew Kontorowiç, Iwan Sibin, Georgiý Isaakýan, Andreý Borisow, Wiktor Pleşat we beýlekiler, jemi 50 sany emin agzasy bar.

Ildeşimiz Merdan Bäşimowyň işine eminleriň 40-sy ýokary baha berdi. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda Merdan ýeňiji diýlip yglan edildi.