logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Türkmenistandan Azerbaýjana barýan syýahatçylaryň sany 1,7 esse artdy
  25.03.2024
680
Türkmenistandan Azerbaýjana barýan syýahatçylaryň sany 1,7 esse artdy

Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň fewral aýynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Azerbaýjana baryp gören syýahatçylaryň sany 2023-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 95,31% artdy. Bu barada «Day.Az» habar berýär.

 

 

Türkmenistandan Azerbaýjana gelen syýahatçylaryň sany 2 584 adam boldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 74% köpdür. Gazagystandan gelýän syýahatçylaryň sany 4,352 (150 göterim ýokarlandy), Özbegistandan — 2877 (55 göterim ýokarlandy),

 

 

Umuman, 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýurda gelen syýahatçylaryň sany 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46,7% artdy, (341 müň adam)

 

 

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Ykdysady syýasat, senagat we telekeçilik boýunça komitetiniň agzasy Wugar Baýramow Türkmenistandan gelýän syýahatçylaryň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 1,7 esse artandygyny belledi.

 

Patma BABAJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.