logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Türkmenistanda «Ýüpek ýoly» halkara awtorallisi geçiriler
  02.04.2024
564
Türkmenistanda «Ýüpek ýoly» halkara awtorallisi geçiriler

Golaýda, Aşgabatda «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň taslamasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Myhmanlaryň hatarynda Taslamanyň ösüş boýunça direktory Sergeý Tukmanow we Taslamanyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Wiktor Sokolow bar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowyň gatnaşmagynda geçen duşuşykda ýurdumyzyň çäginde guraljak halkara ralli-reýd ýaryşynyň guramaçylygy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


 

Ýaryşyň şu ýylyň 9 — 15-nji sentýabry aralygynda guralmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň konferens-zalynda geçirilen duşuşykda ýaryşyň geçiriljek ugruny kesgitlemek, gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, lukmançylyk hyzmatlary hem-de bäsleşikleriň geçirilýän pursatlaryndaky guramaçylyk işleri ýaly möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.


 

Öňde boljak ralli-reýdi gatnaşyjylaryň köp sanlysynyň hem-de bütin dünýäden bolan tomaşaçylaryň üns merkezinden ornuny tapar.


 

Ýeri gelende belläp geçsek, ozal Türkmenistanda Garagum sährasynyň goýnundan parran geçip, Hazara uzan «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi uly üstünliklere beslenipdi. Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň Merkezi Aziýadaky iň iri ýaryşy hasaplanan halkara awtorallisine 20 ýurtdan bolan ekipažlaryň birnäçesi gatnaşypdy.

 

Hojadurdy HOJADURDYÝEW,  
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk  
institutynyň mugallymy.