logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:
  27.02.2023
1521
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: 

Balkan welaýatynda: 
üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +13... +18 gradus maýyl bolar. 

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +6...… +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2... +7 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Paýtagtymyz Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 12 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +3 gradusdan +6... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +10 gradusdan +22... +24 gradus aralygynda maýyl bolar.