logo

Latest news:
✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦
Home / Nature /Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:
  15.05.2023
877
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

 

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +16...… +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradusdan +31... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demigazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 8 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +13 gradusdan +17... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +21 gradusdan +31... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.