Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahal welaýatynda şu ýyl birnäçe täze desgalar ulanylmaga beriler ✦ ✦ Ahal welaýatynyň ilatyna 200 sany döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat edildi ✦ ✦ Ylmy-amaly maslahatyň çäginde ýaşlar bilen şygryýet agşamy geçirildi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi ✦ ✦ Ylmy-amaly maslahatyň jemi jemlendi ✦ ✦ Ylmy-amaly maslahatyň 3-nji bölümçesi «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» diýlip atllandyryldy ✦ ✦ «Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde» atly 2-nji bölümçesi öz işini dowam etdi ✦ ✦ Maslahatyň 1-nji bölümçesi öz işine başlady ✦ ✦ Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi geçirildi ✦ ✦ Ylmy-amaly maslahatyň çäginde birnäçe çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Türkmenistanda mobil aragatnaşyk hyzmatlary kämilleşdiriler
  22.12.2022
817
Türkmenistanda mobil aragatnaşyk hyzmatlary kämilleşdiriler

Mälim bolşy ýaly «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti indi 20 ýyla golaý wagt bäri halkymyzy mobil aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edip gelýär. «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy 2004-nji ýylda döredildi. «TMCELL 43802» indeks belgisi bilen hasaba alnan bu kompaniýa Bütindünýä öýjükli aragatnaşygyň «GSM» standartynyň agzasydyr.

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tutuş ýurdumyz boýunça mobil aragatnaşygyň dürli ugurlarynda 4 müňden gowrak iberiş we kabul ediş bekedi bar.

Altyn asyr» ÝGPJ - sanly ulgamlara esaslanmak bilen, ykdysady pudaklary ösdürmäge, olary döwrebaplaşdyrmaga we yzygiderli kämilleşdirmäge gatnaşýar. Jemgyýetiň hünärmenleri ýurdumyzyň öýjükli aragatnaşyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, ilata döwrebap, kämil hyzmatlary hödürlemegiň we täze taslamalaryň üstünde işleýärler. Häzirki wagtda dünýäniň iň uly şereketleri bilen öýjükli aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we täze hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça şertnamalar baglaşyldy. Enjamlar ýurdumyzyň çägine getirildi, iň täze dünýä ülňülerine laýyklykda öndürilen enjamlary oturtmak we işe girizmek hünärmenler tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýar. Welaýat merkezlerinde we oba ýerlerinde ýokary tizlikli internet hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Bu işleriň durmuşa geçirilmegi bilen «Altyn asyr» ÝGPJ öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumat binýady doly kämilleşdiriler. Bu bolsa döwletimizde öýjükli ulgamy innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürmek, ulanyjylara iň döwrebap hyzmatlary hödürlemek we internet ulgamyna birikme tizligini ýokarlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

Ýeri gelende belläp geçsek, elektrik energiýasy bilen üpjün edilmedik uzak oturymly ýerlerde Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän ulgamlardan peýdalanýan kabul ediş we iberiş enjamlary oturdylýar. Innowasion enjamlaryň alynmagy bilen barmasy kyn we az ilatly ýerlerde, şeýle hem Garagumuň çetlerinde ýerleşýän obalarda öýjükli aragatnaşyk we internet hyzmatlaryny bermek mümkinçiligi döredi.

«Altyn asyr» türkmen kölüniň ýakasynda gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän enjamlaryň kömegi bilen öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň üznüksiz ulanylmagyny üpjün edýän kabul ediş-iberiş nokatlar döredildi. Hünärmenler gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän ulgamlary giňden ulanmak we gün panellerini satyn almak boýunça uly iş alyp barýarlar.

«Altyn asyr» dünýäniň 164 ýurdy we 312 operatory bilen halkara rouming hyzmatlaryny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, müşderiler «TM Cell» operatorynyň toruny dünýäniň islendik ýerinde ulanyp bilerler. 

 

Merdan ABDULLAÝEW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.