logo

Latest news:
✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦
Home / Sports /Türkmenistanda halkara ýaryşa taýýarlyk görülýär
  13.03.2024
873
Türkmenistanda halkara ýaryşa taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti 15 — 20-nji aprel aralygynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge taýýarlyk görýär.

 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken Karary bilen, ýaryşy geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredilipdi. Şondan bäri ýaryşa taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde onuň Düzgünnamasy düzülip, ol guramaçylar — Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan tassyklanyldy.

 

Düzgünnama resmi çakylyk haty bilen bilelikde, diplomatik ýollar arkaly Belarusyň, Eýranyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Omanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Bahreýniň degişli hokkeý klublaryna ýollanyldy.

 

Hokkeý boýunça halkara düzgünlere laýyklykda, ýaryşa gatnaşýan toparlara amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly we kiçi buzly meýdançalarynda ýaryşyň «A» we «B» toparçalaryndaky duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirildi. 

 

Zerurlyga görä, ýaryşa gatnaşýan hokkeý toparlarynyň türgenleşiklerini Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Milli Olimpiýa sport köşgüniň» hem-de Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyş sport merkeziniň buzly meýdançalarynda geçirmek bellenildi.

 

Agaserdar ÖWEZOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.