logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Türkmenistana dem alyş kesellerini bejermek üçin derman serişdeleriniň täze tapgyry getirildi
  16.03.2022
1392
Türkmenistana dem alyş kesellerini bejermek üçin derman serişdeleriniň täze tapgyry getirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy ýurdumyza dem alyş kesellerini bejermek üçin derman serişdeleriniň tapgyryny getirdi. Täze gelen serişdeleriň bu tapgyry “Beklometazona Diptopionat”, “Budesonid”, “Ipratropiýa Bromid” we “Salbutamol” ýaly ingalýatorlary öz içine alýar.

Belläp geçsek, lukmançylyk we derman serişdeleri bilen üpjün etmeklik Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda 2020-nji ýylyň dekabrynda gol çekilen ýurdumyzda ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek üçin ýardam etmek boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Ýurdumyza getirilen dem alyş kesellerini bejermek üçin derman serişdeleriniň täze tapgyrynyň býujeti 32 million 800 müň ABŞ dollaryna deň bolup, bu taslama Türkmenistan Hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýär.