logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Türkmenistan Duşenbedäki halkara festiwala gatnaşdy
  24.12.2023
807
Türkmenistan Duşenbedäki halkara festiwala gatnaşdy

23-nji dekabrda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy Duşenbe şäherinde «Gündogar-Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we Ýewraziýa halk sungaty» atly Halkara festiwaly geçirildi.
sergä türkmen tarapyndan diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ylmy we jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar.

 

 

Türkmen tarapyndan diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ylmy we jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar. Halkara festiwalyň çäklerinde sergi geçirildi. Ýurdumyzyň diwarlygynda Türkmen milli halylary, el işleri, keşdeler we Milli Liderimiziň eserleri hem-de beýleki neşirleriň görkezmesi bilen gatnaşdylar. 

 

 

Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, milli halylar we keşdeler, şeýle-de Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda häzirki zaman gazananlaryny görkezýän maglumatlar bilen tanyşdylar. Olar sergidäki türkmen diwarlygyna uly baha berdiler.

 

 

Halkara festiwalyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň diplomy bilen sylaglandy. Halkara sergide Türkmenistanyň at gazanan artistleri gatnaşdy aýdym-saz tans medeni gymmatlyklarymyz barada hem tanyşdyryldy.

 

Aýlar Bekiýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.