Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Ilon Mask: bir sagatdan az wagtyň içinde dünýäniň islendik nokadyna ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda giň gerimli ýük daşamalara girişildi
  15.11.2024
81
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda giň gerimli ýük daşamalara girişildi

“CDEK” halkara logistika kompaniýasy, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýoluna girdi. Bu barada “CDEK-Inter” kompaniýasynyň direktory Ildar Timerhanow, Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tehnologiýalary we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde mälim etdi. Bu barada “TASS” habarlar agentligi habar berdi.

 

I.Timerhanow kompaniýasynyň ilkinji nobatdaky ýük göterişleri diňe Türkmenistandan Russiýa tarap amala aşyrylandygyny, emma şu ýylyň oktýabryndan başlap, bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn häsiýete eýe bolandygyny belledi. Şu wagt kompaniýa, her iki ugurda hem doly derejede iş alyp barýandygyny nygtady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy, “Türkmenpoçta” bilen hyzmatdaşlygyň bu amallaryň üstünlikli başlamagynyň esasy şertidigini aýdyp, “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň açyklyk syýasatynyň netijesinde, özleriniň ýerli bazara girmäge uly ýeňillik alandyklaryny mälim etdi.

 

2000-nji ýylda esaslandyrylan “CDEK” kompaniýasy, häzirki wagtda dünýäniň 36 ýurdunda hyzmat edýär. Kompaniýa 5 müňden gowrak buýurmalary kabul edýän nokadyň toruna eýe. 2023-nji ýylyň jemlerine görä, kompaniýanyň ýerine ýetiren hyzmatlarynyň umumy dolanyşygy 70,6 milliard rubla deň bolup, bu kompaniýanyň ýokary ösüşini we global derejedäki işini görkezýär.

 

Leýla BAÝSÄHETOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.