Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk — nusgalyk ýörelge
  15.11.2024
229
Bitaraplyk — nusgalyk ýörelge

Häzirki wagtda ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 29 ýyllygynyň bosagasynda dur. Bu taryhy sene halkymyz üçin diňe bir şanly sene bolman, eýsem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sebitde, tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyny dünýä jemgyýetçiligine aýdyň görkezmäge mümkinçilik  berýär. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde 29 ýylda bitiren hyzmatlary ýurdumyzyň  halkara abraýyny has-da  belende göterýär.

 

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy bolup, onda ýaş nesillerimize nusga alarlyk gymmatlyklar sanardan kän. Şol gymmatlyklaryň biri-de Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty hem öz köklerini halkymyzyň geçmiş taryhyndan alyp gaýdýar «Merler Watany beýgeldýär» atly kitabynda Gahryman Arkadagymyz  «Ata-babalarymyzyň örän çylşyrymly we şöhratly taryhyny öwreniň, ondaky iň gowy zatlary öz durmuşyňyza nusga ediniň!» diýip belläp geçýär. Bitaraplyk bolsa nusga edinere iň gowy zatlaryň biri bolup, gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji däpleriniň iň ýokary beýanydyr.

 

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda gurama agza bolan dünýäniň 185 döwleti tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmegi türkmen halkynda uly buýsanç döretdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hiç bir harby bileleşiklere goşulmaýan, dawa-jenjellere gatnaşmaýan, çylşyrymly meseleleri diplomatiki ýol bilen çözmekde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy duşuşyklar, halkara forumlar, festiwallar we dürli sergiler Türkmenistanyň at-abraýyny has-da artdyrýar.

 

Watanymyzyň  hemişelik bitaraplyk syýasaty ynsanperwer ugry milli ýörelgelerden gözbaş alýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýet berýär.

 

Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk we ösüş höküm sürsün! Dünýä ýüzüne parahatçylygyň nuruny ýaýradýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, tutumlary mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

Sülgün EMEDOWA,
Ak bugdaý etrabynyň 16-njy çagalar bakja-bagynyň
terbiýeçisi.