logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Politics /Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi
  10.05.2026
227
Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Kambojanyň paýtagty Pnompen şäherinde Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi.

 

Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kamboja tarapyna bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi.

 

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle duşuşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

 

Taraplar ýokary derejeli duşuşyklaryň guralmagynyň, parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

 

BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk hem ýokary baha eýe boldy. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Kamboja tarapyna minnetdarlyk bildirildi.

 

Duşuşykda ASEAN bilen hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Kamboja Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa + ASEAN» formatyny döretmek baradaky başlangyjyny goldaýandygyny tassyklady.

 

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak, biznes forumlaryny we söwda missiýalaryny geçirmek, dokma senagatynda, oba hojalygynda we ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça möhüm ugurlar kesgitlenildi.

 

Nurjemal HANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.