Ahal province
logo

Latest news:
✦ «Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi ✦ ✦ IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty ✦ ✦ Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy ✦ ✦ Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi ✦ ✦ Kitap — ruhy baýlygyň hazynasy ✦ ✦ Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy ✦ ✦ Her penşenbe güni “Ýaşlar güni” bolar! ✦ ✦ 2026-njy ýylyň Oraza aýynda Ahal welaýatynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde agyz beklenýän we açylýan wagtlar ✦ ✦ Türkmenistan — BAE işewürlik forumy geçiriler ✦
Home / Society /Türkmenistan-bedew batly ösüşleriň mekany
  04.03.2026
7
Türkmenistan-bedew batly ösüşleriň mekany

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen garşy alnan 2026-njy ýyl ýokary ösüş depginleri bilen başlandy. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri seljerildi. Şeýle hem ykdysadyýetiň ähli pudaklary hem-de durmuş ulgamynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary tassyklanyldy. Şol meýilnamalarda kesgitlenen möhüm ugurlar ýurdumyzyň mundan beýläk hem sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge we halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ugur Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir.

 

Ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler oňyn netijelerini berdi. Resmi maglumatlara laýyklykda, içerki ykdysady ösüş durnukly saklanyp, jemi içerki önümiň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýokary artdy. Hasabat döwründe JIÖ​-niň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, netijede pudaklaýyn görkezijiler hem oňyn häsiýete eýe boldy. Ylaýtada senagatda ösüş 2 göterim, gurluşykda 6 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 9,3 göterim, söwda we söwda aragatnaşyk pudagynda 8,2 göterim, oba hojalygynda 2 göterim, hyzmatlar ulgamynda bolsa 8,5 göterim derejesinde üpjün edildi. Bu görkezijiler döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň hem-de maksatnamalaýyn ösüş syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

 

Şol döwürde senagat önümçiliginde, aýratyn-da ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk we himiýa senagatynda önüm öndürilişiniň ýokarlanandygy bellenildi. Nebitgaz pudagynda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş çäreleri we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy önümçiligiň giňelmegine oňyn täsir etdi.

 

Oba hojalyk pudagynda hem meýilleşdirilen işler üstünlikli ýerine ýetirildi. Ekerançylykda we maldarçylykda durnukly ösüş saklanyp, içerki bazaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligi yzygiderli alnyp baryldy.

 

Maýa goýum işjeňligi ýylyň başynda ýokary derejesini dowam etdirdi. Döwlet hem-de hususy maýa goýumlaryň hasabyna iri önümçilik desgalarynyň gurluşygy alnyp baryldy we täze iş orunlary döredildi. Bu ýagdaý ilatyň durmuş şertleriniň gowulanmagyna hem-de zähmet bazarynyň işjeňleşmegine ýardam berdi.

 

Daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamynda hem netijeli işler amala aşyryldy. Eksport ugurly önümleriň möçberiniň artmagy we halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirdi.

 

Netijede, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda gazanylan ykdysady netijeler ýurdumyzyň durnukly ösüş ýolunda ynamly öňe barýandygyny tassyklaýar. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk we oba hojalyk pudaklarynda alnyp barylýan işler oňyn netijelere getirýär. Şeýle hem ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda täze senagat kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, bilim edaralarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu gazanylýan üstünlikler geljekde ykdysady ösüşiň depginini has-da güýçlendirmek hem-de ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

Aýgözel BABAÝEWA,

Halkara Senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň mugallymy.