logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Türkmeniň ruhy medeniýetiniň esasy sütüni
  20.10.2022
1343
Türkmeniň ruhy medeniýetiniň esasy sütüni

Ata Watanymyzda türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge berilýän üns aýratyn bellärliklidir. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýyllaryň, asyrlaryň geçmegi bilen gymmatyny has-da artdyryp, dünýä halklarynyň arasynda belentden ýaňlanýar. Onuň müdimilik goşgulary iňlis, rus, ukrain, belarus, gazak, ermeni we beýleki birnäçe dillere terjime edildi. Birnäçe türkmen ýazyjydyr alymlary ömürlerini beýik şahyry öwrenmäge bagyşlady.

Şahyryň goşgulary — ýürek arzuwy dünýä halklarynyň hem ruhuny galkyndyrýar. Gazak şahyry hem ýazyjysy Şamsetdin Beýsenalyýew bu barada şeýle diýýär: «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň beýikligi onuň aýdyň akylynyň, laçynyňky ýaly ýiti nazarynyň halk durmuşyna çuňňur aralaşanlygyndadyr». Şeýle-de, türki dilli halklaryň edebi mirasyny ylmy taýdan öwrenýän türk alymy Kemal Dogan: «Magtymguly Pyragy dünýä halklarynyň arasynda türkmen akyldary hökmünde tanalýar. Ol zerur wagty halkyna Gorkut ata ýaly öwüt-nesihat berip bilýän, Ýunus Emre ýaly öz halkynyň dilinde gürläp, Hoja Ahmet Ýasawy ýaly sopuçylyga ten berip, Garajaoglan ýaly gözelligi belent duýgularda wasp edýän beýik şahyrdyr» diýip belleýär.

Şahyryň köptaraply döredijiliginde watançylyk, öwüt-nesihat, söýgi, terbiýeçilik, halkylyk, agzybirlik, jebislik, edep-ekram, ýagşy gylyk-häsiýet ýaly durmuşy meseleler esasy ýerde durýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny näçe okasaň-da, birbada gutarnykly netijä gelmek kyn. Ony her gezek, goý, ömrüň dürli döwürlerinde okanyňda-da ýene-de täze öwüşginlere we ondan öň alyp bilmedik manylaryňa ulaşyp gideniňi hem duýman galýarsyň.

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň beýik şahyrdygy, şeýle-de onuň hemmetaraplaýyn kämillige ýeten şahsyýetdigi dünýäde ykrar edildi. Şahyryň döredijiligini ylmy taýdan derňeýänleriň nygtamaklaryna görä, onuň şahyrlyk derejesiniň ýokary bolşy ýaly, alymlygy-da örän belent derejededir. 

 

Ylýas ANNAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.