Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmeniň keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz
  29.05.2023
1574
Türkmeniň keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz

Mälim bolşy ýaly 2022-nji ýylda taryha altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň biri hem türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegidir. Gahryman Arkadagymyzyň öz eserlerinde hem giňden beýan edişi ýaly, bu sungat sünnäligi bilen nesilden-nesle geçip, mynasyp dowam etdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny öwrenmek, olary aýawly saklamak, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýen sözleri hem ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyza mukaddeslik hökmünde garalýandygyny subut edýär.

Türkmen maşgalasynda kemala gelýän gyzlar keşde çekmek bilen irki ýaşdan, ýagny başlangyç synplarda okaýan wagtlary meşgullanyp başlaýarlar. Olara ilki köjüme etmek, soňra bolsa keşde çekmek öwredilýär. Şonuň üçin türkmen gyzlary turuwbaşdan keşdelere ýürek mährini, yhlasyny hem-de zehinini siňdirmegi öwrenýärler. Ene-mamalarymyz türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelliklerini — gülleriniň, ot-çöpleriniň, janly-jandarlarynyň keşplerini keşdä geçirip, ajaýyp sungat eserlerini döretmegi başarypdyrlar.

Milli medeniýetimizde keşdeçilik hünäri sungat eseri derejesinde özboluşly orun alan ajaýyplyklaryň hatarynda durýar. Türkmen zenanlarynyň çeper ýerine ýetiren keşde nagyşlaryna olaryň ýürek mähri siňendir. Gyz-gelinleriň ýiti zehininden döreýän keşdeler halkyň ruhy ahwalyndan, geçmiş taryhyndan gözbaş alyp gaýdýar. Milli egin-eşiklere salynýan nagyşlaryň her biriniň özboluşly aýratynlygy bar. El işleriniň naýbaşysy bolan keşdelenen lybaslar ony görenleriň kalbyny heýjana salýar. 

 

Gülşat HOJAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.