Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmeniň keramatly ruhunyň kuwwatly sütüni
  18.04.2023
836
Türkmeniň keramatly ruhunyň kuwwatly sütüni

Beýik akyldar Magtymguly Pyragy türkmeniň keramatly ruhunyň kuwwatly sütünidir. Beýik şahyryň kalplara kuwwat berýän, adamzady ynsanperwerlige, hoşniýetlilige, ahlak arassalygyna, ruhubelentlige, agzybirlige çagyran akyl-parasada ýugrulan dürdäne setirleri türkmen halkynyň egsilmez ruhy gymmatlygydyr, tükeniksiz hazynasydyr. Ol hazynanyň gymmatyna düşünmek, akyl ýetirmek üçin, onuň ynsan aladasyna ýugrulan dürdäne pentlerini öz içine alýan şygyrlaryny gaýtalap-gaýtalap okabermeli. Her gezegem täze pikirleriň üstünden barylýar.

Edebiýatyň Magtymgula çenli ösüş taryhynda halkyň durmuşyny, pajygaly döwrüň bir-birinden möhüm wakalaryny Pyragy ýaly içgin, çuň şöhlelendiren şahyry tapmak kyn. Türkmen edebiýatynda ilkinji bolup tutuş bir halkyň aň-paýhasyny, hüý-häsiýetini açan, bütin döredijiligini, hany-manyny, şirin janyny il-gününe bagyş eden, öz ýaşan zamanasynyň gapma-garşylyklaryny, pajygaly durmuşyny, türkmen halkynyň agyr külpetli göreş ýoluny, döwrüň syýasy-durmuş ýagdaýlaryny, keşbini bütin gapma-garşylyklary, çylşyrymlylyklary bilen şöhlelendiren Beýik Magtymguly edebiýaty halkyň hyzmatynda goýupdyr.

Akyldaryň köptaraply döredijiliginiň agramly bölegini il-ýurt, watançylyk, erkinlik, agzybirlik, birleşip bütewi döwlet gurmak, ony adyl şanyň dolandyrmagy ýaly düýpli meseleleriň orun tutmagy döwrüň talaby, halkyň erk-islegi bilen baglydyr. Galyberse-de, ýagşylygy, agzybirligi, halallygy ündeýän eserler dünýä medeniýetiniň edebi hazynasyny baýlaşdyrýan uly hazynadyr.

Beýik şahyr türkmen halkynyň dünýä akyl ýetirişiniň mysalynda şygryýet äleminde umumadamzat meseleleriniň aladasyny edýär. Hut şonuň üçinem Beýik akyldar türkmeniň ruhy dagynyň göz gamaşdyryjy beýik dagydyr. 

 

Ejegül AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.