Türkmen gymmatlyklary döreden halkdygy üçin beýikdir. Ol gymmatlyklar bolsa, bireýýäm adamzat gazananlarynyň hataryna geçdi. Şeýle gymmatlyklaryň içinde ruhy gymmatlyklar hem maddy gymmatlyklar hem bar. Türkmen aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy bular biziň milletimiziň döreden maddy gymmatlyklarynyň esaslary bolup durýar.
Kämillik hem gaýtalanmazlyk ine gymmatlygyň baş ölçegleri. Şeýle gymmatlyklar türkmeniň özüniň millet hökmündäki kämilliginiň we özbaşdak ösüşi hökmündäki gaýtalanmazlygynyň üstüni açýar. Çünki eseriň kämilliginde ussadyň kämilligi aýan bolýar. Eseriň kämilliginiň ölçegi ussadyň Hudaý beren zehininiň we eseriň döredilmegine sarp edilen beden hem ruhy gujuryň hem hyjuwyň ölçegidir. Türkmeniň gadymy şaý-seplerimiz peri-peýker ýaly gözelleriň bezegi bolup geldi, türkmen bedew atyny hem toýlarda şaýlamaly. Dünýä bazarlarynda bir säw bilen düşen gadymy şaý-seplerimize örän gymmat baha kesilýär.
Türkmen gyzlarynyň şaý-seplerine üns beriň: gupba tuwulga, çekelik bukaw, boýundan gylyç salynmazlygyny üpjün edýär, gülýaka döşi, gursagy goraýar. Bilezik goly, donuň öňüne, arka tarapyna dakylýan dürli apbasylar, dürli şaýlar peýkamdan goraýar. Türkmen gyzyny doly şaý-sep bilen bezeseň ol doly söweş geýmine giren söweşiji gyz bolýar. Hasaplanyp görülse, bir aýal ähli şaý-sepini dakynsa, otuz alty kilogram altyn-kümüş götermeli bolýar. Türkmeniň zenana goýýan bahasy beýikdir.
Türkmen milli sazy milletiň kalbynyň owazy. Türkmen sazynyň arassalygynyň, özboluşlylygynyň hem hiç bir özge halkyňka meňzemeýänligini dünýä ykrar edýär. Türkmen sazy çuňňur pelsepä ýugrulanlygy bilen tapawutlanýar. Şol häsiýet onuň many goýazylygyna eýe bolmagyna getiripdir. Türkmen dutarynyň owazy bu milletiň döredijilik paýhasynyň gaty aňyrdanlygynyň gözli şaýadydyr.
Toýlaryň, baýramlaryň bezegi sazlar barada. Ata-babalarymyz «Aýdym we dabara ynsany terbiýeleýän iki hususdyr. Şolardan dabara ten älemine, saz bolsa ruh älemine degişlidir. Saz bilen dabara birleşen wagty ynsanyň teni we ruhy älemi terbiýelenýär» diýip kesgitläpdirler. Biziň ata-babalarymyz söweşe çykanda saz toparlaryny, tugy we baýdaklary esgerleriň ruhuny galdyrmak üçin ýörüşe ýany bilen alypdyrlar. Deprekleriň gök gürrüldisini ýadyňa salýan gümmürdisi, surnaýlaryň ýürekleri endiredýän düňňürdisi, gyjagyň mukaddes mukamy taryhda türkmen jemgyýetiniň güýç, ylham we gaýrat çeşmesi eken. Her saz toparynda ýediden on ikä çenli saz gurallary ulanylypdyr. Indi, Garaşsyz döwletde, ata-babalaryň ruhuna eýerip, türkmen sazlarynyň baýlygynyň dowamyny köp dürli saz gurallarynyň üsti bilen, milli öwüşginli, mährem owazly, jana lezzetli edip öz-özümize subut etmelidiris!