logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /Türkmeniň adyny dünýä ýaýan müdimi sungat
  13.01.2023
739
Türkmeniň adyny dünýä ýaýan müdimi sungat

Merdana halkymyzyň umumadamzat medeniýetine goşant goşandyklaryna üstünden ençeme asyrlar geçen şöhratly taryhymyz, medeni mirasymyz hem milli gymmatlyklarymyz aýdyň şaýatdyr. Döwürleriň hem gözelligiň, nepisligiň synagyndan geçen türkmen halyçylyk, amaly-haşam sungaty, ahalteke bedewleri, türkmen alabaýlary halkymyzyň mizemez gymmatlyklarydyr. Bu gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmekde, aýap saklamakda asylly işler alnyp barylýar. Türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan halyçylyk sungaty uzak asyrlaryň dowamynda timarlanyp, milletimizi tutuş dünýä tanadan mizemez gymmatlygy bolup, halkymyzyň ýüzüniň tuwagydyr. Halyçylyk sungaty barha kämilleşip, has hem gözelleşýän sungat. Geçmiş taryhymyzda hem ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz öýlerini bezemekde halylary, dürli haly önümlerini, çuwaldyr torbalary, gapylyklary peýdalanypdyrlar. Häzirki wagtda çeper elli zenanlarymyz gelin-gyzlary dürli reňkli halylary, haly portretleri, döwrebap elde göterilýän haly torbalary, sowgatlyk üçin niýetlenen dürli görnüşi haly önümlerini dokaýarlar. Türkmeniň baý halk döredijiliginde hem türkmen halysy hakda gymmatly pikirler bar. Ene-mamalarymyz gyz maşgalasynyň geljekde ökde halyçy bolup ýetişmegini arzuwlap, owadan bentleri şirin owaza eýläp, çagany hüwdüläpdirler. Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynda we Tugrasynda ajaýyp haly gölleriniň şekillendirilmegi, döwlet derejesinde Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilmegi halkymyzyň halyçylyk sungatyna goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Türkmen halysynyň gözelligi dünýä jemgyýetçiliginiň hem üns merkezinde bolup, ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna girizilmek bilen, türkmen milli haly sungaty halkara ykrarnama eýe boldy. Taryhy ýazuw çeşmelerinde türkmen halylarynyň gözelligi, dokalyşynyň aýratynlygy, täsinligi we nagyşlarynyň özboluşlylygy hakda ýazylypdyr. Munuň özi türkmen halysynyň gadym eýýamlardan bäri uly meşhurlyga eýe bolandygyny subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly gymmatly kitaplarynda hem türkmen halysyna türkmeniň medeni taryhynyň ýazgysy hökmünde uly baha berilýär. Çünki onda türkmen tebigatynyň reňk sazlaşygy, nagyşlaryň çuň manysy çeperçilik bilen aňladylýar. Medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, aýap saklamakda asylly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz ýürekdendir!  

 

Läle ÝEDIGAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.