logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /«Türkmenfilm» Daşkent şäherinde geçiriljek halkara kinofestiwala gatnaşar
  09.08.2022
851
«Türkmenfilm» Daşkent şäherinde geçiriljek halkara kinofestiwala gatnaşar

13 — 18-nji sentýabrda Daşkent şäherinde «Ýüpek ýolunyň merjeni» atly halkara kinofestiwaly geçiriler. Halkara kinofestiwalyň çäklerinde, gysga metražly filmleriň bäsleşigi «Bäş günde kino», şeýle hem «Daşary ýurtlaryň kino günleri», şowhunly konsertler, filmleriň ilkinji görkezilişleri, okuw sapaklary, seminarlar geçiriler.

Film festiwalyna 30-a golaý ýurduň wekilleri gatnaşar. Şol sanda türkmen filmlerinden «Gyzyl kürte», «Istärin», «At — myrat» ýaly çeper filmler bu festiwalda görkeziler.

Häzirki wagtda «Bäş günde kino» bäsleşigine Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem gowy taýýarlyk görýär.