logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /«Türkmenfilm» birleşigi 3 sany täze filmi surata düşürýär!
  13.01.2023
1948
«Türkmenfilm» birleşigi 3 sany täze filmi surata düşürýär!

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi kino sungatynyň muşdaklary üçin «Wada», «Daragt» we «Durmuş öwrümleri» atly täze 3 sany filmi surata düşürmäge girişdi.

«Wada» atly doly göwrümli çeper filmde ýaşlar, söýgi baradaky temalara ýüzlenilýär. Filmde häzirki döwrüň meseleleri, ýaşlaryň durmuşynda iň köp gabat gelýän wakalar şöhlelendiriler. Filmiň režissýory Arslan Eýeberdiýew.

«Daragt» atly doly göwrümli filmde Beýik Watançylyk urşy döwrüniň ýowuzlygy çeper beýan ediler. Filmiň režissýory Sahysalyh Baýramow.

«Durmuş öwrümleri» atly gysga göwrümli çeper filmde uruş döwründe tylda zähmet çekenleriň hupbatly durmuşy, ýaşlaryň başdan geçiren kynçylyklary barada gürrüň berilýär. Filmiň režissýory Batyr Batyrow.