logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Politics /Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar
  22.04.2026
369
Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň 82-nji sessiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň maslahatlar merkezinde öz işine başlady. 24-nji aprele çenli dowam etjek halkara forum Tailandyň Bangkok şäherinde geçirilýär. Onuň esasy mowzugy “Hiç kimi ünsden düşürmezlik: Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ähli ýaşdaky adamlar üçin jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek” diýlip kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

 

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu komissiýanyň doly hukukly agzasy bolup, statistika, ykdysady seljerme, energetika we ulag ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem ýurt ulag we ekologiýa ugurlarynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen kararnamalaryň awtory hökmünde çykyş edýär.

 

Sessiýanyň gün tertibine sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Mundan başga-da, durmuş ösüşi, daşky gurşaw, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, energetika, ulag, makroykdysady syýasat, ösüşi maliýeleşdirmek, söwda, maýa goýumlar, telekeçilik, innowasiýalar hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Şeýle hem Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnama gatnaşyjy döwletleriň ministrleriniň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu duşuşykda sebitde durnukly, netijeli hem-de ekologiýa taýdan amatly ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek üçin utgaşdyrylan çäreleri öňe sürmek göz öňünde tutulýar.

 

Mundan başga-da, üstaşyr ugurlarynyň sanlylaşdyrylmagyna, “ýaşyl” özgertmelere, elektron söwdanyň ösdürilmegine, kiçi we orta telekeçiligiň baha dörediş zynjyrlaryna gatnaşygyny giňeltmäge, şeýle hem ulag, logistika we sanly söwda ugurlarynda adam mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berler.

 

Jeren ÖWEZOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
talyby.