logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Türkmen türgenleri halkara açyk çempionatynda 34 medal eýelediler
  07.03.2024
586
Türkmen türgenleri halkara açyk çempionatynda 34 medal eýelediler

Türkmen türgenleri Kuala-Lumpurda geçirilen ITF taekwondonyň olimpiýa däl görnüşi boýunça halkara açyk çempionatynda 34 medal eýelediler. 

 

Ýaryşa 11 ýurtdan 1500-e golaý taekwondoçylar gatnaşyp, görkezme çykyşlar hem-de tutluşyklar boýunça güýç synanyşdylar. Biziň türgenlerimiz üstünlikli çykyşlary bilen 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal gazanyp begendirmegi başardylar.  

 

Türkmen taekwondoçylarynyň Malaýziýadaky ýaryşda gazanan üstünlikleri ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak üçin uly mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň netijesidir. 

 

Medallar bilen Watanymyza dolanyp gelen türgenler sporty ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi hem-de türgenleri halkara ýaryşlara taýýarlamak üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

 

Seýitmyrat BAÝRAMBABAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.