Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi ✦ ✦ Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar ✦ ✦ Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi ✦ ✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen topragy — medeni gymmatlyklaryň ojagy
  01.03.2023
697
Türkmen topragy — medeni gymmatlyklaryň ojagy

Parahatçylyk, berkararlyk, dost-doganlyga ygrarlylyk gadymy döwürlerden bäri halkymyz üçin dostanalygy, agzybirligi, ruhy bitewüligi alamatlandyryp gelýär. Ata Watanyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýän peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bu milli ýörelgeler dowam etdirilýär. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milletimiziň ruhy binýadyny baýlaşdyrmak ýurdumyzy medeni ugurda üstünliklere, ösüşlere beslemekde möhüm çelgi bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde ruhy taýdan baý, döredijilikli ýurt hökmünde medeni diplomatiýany işjeň amala aşyrýar. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlyk has hem işjeňleşdirilýär. Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen bilelikdäki çäreleriň meýilnamasynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyny hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça çäreler işjeňleşdirilýär. Diýarymyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimiz bolan Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalar toplumy we beýleki ençeme milli gymmatlyklarymyz hem bu sanawa goşuldy. Häzirki wagtda ahalteke atçylyk sungaty hem-de atlary bezemek däplerini, türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň milli usullaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler ýola goýulýar. Täze taryhy eýýamda milli mirasymyzy giňden wagyz etmek bu ugry ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilen. Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty hem milli gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy içgin ylmy esasda öwrenmäge, aýawly gorap saklamaga, dünýä ýüzünde wagyz etmäge we bu ugurda giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berýär. Şeýle asylly başlangyçlary alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! 

 

Akjagül ATAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Jemgyýeti öwreniş ylymlary 
kafedrasynyň mugallymy.