logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /“Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi ” atly metbugat maslahaty geçiriler
  17.03.2024
589
“Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi ” atly metbugat maslahaty geçiriler

Türkmenistanda “Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi ” atly metbugat maslahaty geçiriler. Bu maslahat Aşgabatda 28-nji martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde geçiriler.

 

Bu çärä TÜRKSOÝ-a agza döwletlerden hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Forumyň işi “Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”, “Sanly media we habarlar” hem-de “Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar” atly jemi 4 bölümde geçiriler.

 

Meýilnama laýyklykda myhmanlara taryhy ýerlere gezelenji, Aşgabat we Arkadag şäherleri bilen tanyşmagy, syýahatçylyk boýunça halkara maslahata gatnaşmagy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.

 

Reýhan BABAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.